Turkish Airlines Londonda geçirilen Airline Economics Aviation 100 European & Sustainability Awards dabarasynda awiasiýany maliýeleşdirmek boýunça üç abraýly baýrak bilen sylaglandy. Türkiýäniň milli howa gatnawlar kompaniýasy aşakdaky ugurlar boýunça ykrar edildi: «Ýylyň maliýeleşdirilişi (Ýewropa)», «Ýylyň kepillendirilen maliýeleşdirilişi (Ýewropa)» we «Ýylyň awiasiýany durnukly maliýeleşdirilişi».
«Ýylyň maliýeleşdirilişi (Ýewropa)» baýragy «Dubai Islamic Bank» tarapyndan bir «Airbus A350» uçary üçin Şweýsariýanyň frankynda yslam maliýe lizinginiň işe çekilmegi boýunça amala aşyrylan geleşigi üçin berildi.
« Ýylyň kepillendirilen maliýeleşdirilişi (Ýewropa)» ugry boýunça Turkish Airlines iki Airbus A350 uçary üçin Balthazar kepilliginde Ýaponiýanyň iýenasynda JOLCO gurluşynyň ulanylmagy bilen Natixis & ORIX konsorsiumynyň maliýeleşdiren taslamasy üçin sylaglandy. Bu geleşik kompaniýanyň 2007-nji ýyldan bäri işjeň gatnaşýan Ýaponiýanyň maliýe bazaryndaky ornunyň pugtalandyrylýandygyny görkezdi.
Üçünji baýrak — «Ýylyň awiasiýany durnukly maliýeleşdirilişi» — Societe Generale bilen hyzmatdaşlykda iki Airbus A321 Neo uçary üçin JOLCO gurluşynda, ýewro we Ýaponiýanyň iýenasy bilen maliýeleşdirilen taslama üçin berildi.
Bilermenleriň bellemeklerine görä, bu baýraklar Turkish Airlines kompaniýasynyň innowasion maliýe gurallaryny ornaşdyrmak, halkara hyzmatdaşlar ulgamyny giňeltmek we maliýe balansyny netijeli dolandyrmak strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýändigini tassyklaýar.
