Turkmenportal logo
29.09.25
2687726877
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýylyň başyndan bäri 250 müňe golaý türkmenistanly Özbegistana syýahat etdi
Surat: Stat.uz

2025-nji ýylyň başyndan bäri Özbegistana syýahat eden türkmenistanlylaryň sany 250 müňe golaýlady. Bu barada Özbegistanyň Milli statistika komiteti habar berýär.


Habarda bellenilişine görä, şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda 243,5 müň türkmenistanly jahankeşde goňşy ýurda barypdyr. Deňeşdirmek üçin, geçen ýylyň degişli döwründe Özbegistana baran türkmenistanly syýahatçylaryň sany 102,9 müňe deň bolupdy.


Hasabat döwründe, Türkmenistan Özbegistana syýahat eden raýatlarynyň sany boýunça altynjy ýeri eýeledi.


Bu ugurda birinji orun Özbegistana syýahat etmek üçin 2 million 164,5 müň raýaty baran Gyrgyzystana degişli. Şeýle-de ilkinji Gazagystanyň (1 million 769,9 müň syýahatçy), Täjigistanyň (1 million 699,9 müň syýahatçy), Russiýanyň (663,2 müň syýahatçy) we Owganystanyň (304,5 müň syýahatçy) ady bar.


Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň 8 aýynda Özbegistana syýahat eden daşary ýurtly jahankeşdeleriň umumy sany 7,5 milliona deň bolup, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 49,1 göterim köpdür.