Hytaýyň Guýçžou ülkesinde täze köpriniň açylyş dabarasy boldy. Ony dünýäde iň beýik köpri diýip resmi yglan etdiler. Bu barada ýurduň «CCTV» döwlet telekompaniýasyna salgylanýan «MIR 24» ýazýar.
Uzynlygy 2890 metr bolan köpri derýanyň üstünden 625 metr belentlikde ýerleşýär.
Dünýäde gurlan iň beýik köprüleriň 100 sanysynyň tas ýarysy Guýçžouda ýerleşýär. Täze Huaszýan Grand-Kanýon köprüsi jülgäniň üstünden ýoluň wagtyny iki sagatdan birnäçe minuta çenli gysgaltdy.