Turkmenportal logo
27.09.25
1624816248
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk toýy mynasybetli Aşgabatda ýerleşýän BAE-niň Prezidenti Şeýh Zaýed bin Sultan Al-Nahaýýan adyndaky Döwletliler köşgünde bilim-terbiýe alýan oglan-gyzlar üçin hem baýramçylyk çäresi geçirildi.


Baýramçylyk çäresiniň çäginde bu ýerde terbiýelenýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gök-bakja we miwe önümleri, süýjilikler gowşuryldy. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.


Döwletliler köşgüniň ýaş ösüp barýan nesilleri bu atalyk aladalaryna kämil okuwlarynyň, göreldi terbiýeleriniň üsti bilen jogap berýärler.