Aziýanyň ösüş banky (AÖB) Türkmenistanda şepagat uýalarynyň we akuşerleriň hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak hem-de gerimini giňeltmek üçin 75 million amerikan dollarlyk karz serişdesini, şeýle-de Ýaponiýanyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde gülläp ösüşi we durnuklylygy goldamak gaznasyndan (JFPR) 2 million amerikan dollarlyk grant bölüp berdi diýip, AÖB-iň metbugat beýanatynda habar berilýär.
Bu taslama AÖB-iň Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamyndaky ilkinji taslamasydyr. Ol şepagat uýasy hünäriniň hilini ýokarlandyrmaga we ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryna elýeterliligi gowulandyrmaga gönükdirilendir.
«Taslama ilatyň isleglerine laýyklykda ýokary hilli lukmançylyk kömegini üpjün etmäge we saglygy goraýyş hyzmatlaryna deň mümkinçilik döretmäge, şepagat uýasy käri boýunça bilimleri ösdürmäge gönükdirilendir» diýip, AÖB-iň Türkmenistandaky hemişelik wekilhanasynyň direktory Artur Andrisýak belledi.
«Bu AÖB-iň taryhynda Türkmenistanda amala aşyrylýan üçünji taslamasydyr, bu bolsa AÖB bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň, aýratyn hem, hyzmatdaşlygyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda pugtalandyrylýandygyny görkezýär» diýip, Artur Andrisýak sözüniň üstüni ýetirdi.
Taslamanyň çäginde Aşgabatda şepagat uýalaryny taýýarlaýan täze lukmançylyk mekdebiniň binasy gurlar. Ol häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler. Onuň düzümine interaktiw we kliniki okuw üçin simulýasiýa laboratoriýalary, eneler üçin howpsuz palata, ýaşaýyş jaýy we sagdyn iýmitlenmäni wagyz etmek üçin miweli bag girer. Mundan başga-da, täze okuw we lukmançylyk enjamlary satyn alynar.
Täze lukmançylyk mekdebinde okuw maksatnamalary halkara ülňülerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylar, mugallymlaryň we uly şepagat uýalarynyň hünärlerini kämilleşdirmekleri boýunça ýörite okuwlar guralar. Bu bolsa şepagat uýalarynyň saglygy goraýyş ulgamyndaky ornuny berkitmäge we adam maýasyny dolandyrmagy gowulandyrmaga mümkinçilik berer.
Taslamanyň umumy bahasy 98 million amerikan dollary bolup, şonuň 23 million amerikan dollaryny Türkmenistanyň Hökümeti maliýeleşdirer.
