Turkmenportal logo
26.09.25
2706827068
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Italiýada uly itler indi uçarda uçup bilerler
Surat: Big State Plumbing

Italiýada uly itlere eýeleri bilen bilelikde uçaryň salonynda uçmaga rusgat berdiler diýip, «MIR 24» habar berdi.


Ilkinji ýolagçy itler Hani we Moka boldy. Olaryň degişlilikde, 15 we 25 kilogram agramy bar. Öň bu itler uçaryň ýük böleginde uçýardylar. Indi bolsa olary uçaryň içine goýberdiler.


Täze çözgüt ýolagçylary gatnadyjynyň ygtyýaryna goýulýar. Kanun diňe uly itleri uçarda gatnatmaga rugsat berýär, awiakompaniýalary muňa hökmany borçly etmeýär diýlip, habarda bellenýär.