Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda Çingiz Aýtmatowyň powestiniň esasynda sahnalaşdyrylan «Ýüzbe-ýüz» atly spektaklyň premýerasy üstünlikli geçirildi. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.
Spektaklda beýan edilýän wakalar Ikinji jahan urşy döwründe kiçijik gyrgyz obasynda bolup geçýär.

Biz powestiň soňuny birneme üýtgetdik — diýip, Türkmenistanyň halk artisti, spektaklyň režissýory Handurdy Berdiýew belleýär. — Bizde baş gahryman urşy ähli betbagtçylygyň sebäbi hökmünde ýazgarýar. Onuň sözlerinde many bar. Parahatçylyk döwri bolanlygynda Ysmaýyl obadaşlarynyň arasynda abraýly adam hem bolsa bolardy. Ýöne uruş onuň durmuşyny çepbe çöwürdi, indi ol hemmeleriň ýigrenýän jenaýatkärine öwrüldi. Dramany şunuň ýaly tamamlamaga bizi şu ýylyň şygary – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly ylham berdi. Biz «Ýüzbe-ýüz» sahna oýnunyň üsti bilen tomaşaçylara Ýer ýüzünde parahatçylygyň gadyr-gymmatyny ýene bir gezek ýatladýarys.
Sahna oýnunyň bezegçisi Mekan Annamyradow sahna bezeginiň üstünde işlemek bilen, sahnadaky gamyş örten käli Gyrgyzystanyň tebigatyna mümkin boldugyça ýakynlaşdyrypdyr. Köçedäki çyralaryň öçügsi yşygy düşýän tutuş sahna uzalyp gidýän agaç köpri – çygra barýan ýol. Tutuk, sowuk howa dramanyň dartgynlylygyny güýçlendirýär.

Baş gahryman Seýdäniň, keşbini Leýla Rüstemowa, Ysmaýylyň keşbini Söhbet Täçmämmedow, Ysmaýylyň ejesiniň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Sülgün Täşliýewa, goňşusynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Gerek Hojamämmedowa, Murzakuluň keşbini bolsa Döwran Hojageldiýew ýerine ýetirdi.
Kiçijek gyrgyz obasynda bolup geçen pajygaly waka hemmelere çuňňur täsir etdi, tomaşaçylaryň ýekejesi hem teatrdan biperwaý çykmady – diýip, neşirde bellenilýär.
