Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatry 2025-nji ýylda türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilen Aktau şäherinde 21 – 26-njy sentýabr aralygynda geçirilýän III Halkara teatr festiwalynda Türkmenistana wekilçilik edýär.
26-njy sentýabrda türkmen teatrynyň döredijilik topary N. Žanturin adyndaky welaýat sazly-drama teatrynyň sahnasynda «Baýram han türkmen» atly spektakly bilen çykyş eder diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Festiwalyň çäklerinde Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Wengriýadan, Türkmenistandan we Gazagystandan gelen dokuz teatr topary özleriniň iň gowy spektakllaryny görkezerler.
Festiwalyň emin agzalarynyň arasynda Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Türkiýeden we Türkmenistandan gelen tejribeli režissýorlar, dramaturglar hem-de teatr sungatynyň tankytçylary bar.
Bäsleşik çykyşlaryndan başga-da, festiwal baý işewürlik we okuw maksatnamasyny öz içine alýar. Şonuň çäklerinde eýýäm «Türk dünýäsiniň teatrlary: medeni integrasiýa, döredijilik aragatnaşygy we ösüşiň häzirki ugurlary» atly tema boýunça TÜRKSOÝ-yň ýolbaşçylarynyň hem-de gurama agza döwletleriň döwlet teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda direktorlaryň geňeşiniň on birinji mejlisi geçirildi.
