23-nji sentýabrda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginde ýol hereketiniň düzgünlerini wagyz etmek we sürüjileriň hem-de pyýadalaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, ýörite çäre geçirildi. Bu çäre her ýyl sentýabrda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygyň çäklerinde guraldy. Bir aýlygyň dowamynda tutuş ýurt boýunça duşuşyklar, maslahatlar we düşündiriş çäreleri geçirilýär.
Çärä ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, harby we hukuk goraýjy düzümleriň wekilleri, şeýle hem aragatnaşyk kärhanalarynyň hünärmenleri gatnaşdy. Bu çäräniň esasy maksady — ýol hereketiniň medeniýetini wagyz etmek we ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegini höweslendirmek bolup durýar. Bu bolsa raýatlaryň saglygyny we howpsuzlygyny goramaga gönükdirilendir.