Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we «PSŽ» toparynyň hüjümçisi Usman Dembele «France Football» neşiri tarapyndan möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän «Altyn top» baýragynyň 2025-nji ýyldaky eýesi boldy.
Ol bu baýrak üçin ses berlişikde Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň we «Barselonanyň» hüjümçisi Lamin Ýamaly (2-nji ýer) hem-de portugaliýaly topardaşy Witinýany (3-nji ýer) yzda galdyrdy. Fransiýanyň çempionatynda, ýurduň Kubogynda hem-de Superkubogynda, şeýle-de Ýewropanyň çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy.
Maglumat üçin, Usman Dembele «Altyn topa» mynasyp bolan altynjy fransiýaly futbolçy boldy.
Zenanlaryň arasynda «Altyn topa» bassyr üçünji gezek Ispaniýanyň zenanlar ýygyndysynyň we «Barselonanyň» oýunçysy Aýtana Bonmati eýe çykdy.
Mundan başga-da, erkekleriň arasynda «Ýylyň iň gowy topary» hökmünde «PSŽ», «Ýylyň iň gowy tälimçisi» hökmünde «PSŽ-niň» halypasy Luis Enrike ykrar edildi.
