22-nji sentýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Hançžou şäheriniň Halk hökümetiniň Baş sekretarynyň orunbasary Sýuý Sinşanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, taraplar türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Gepleşikleriň dowamynda sebitara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň ýollaryny, şeýle hem innowasiýalar, emeli aň we ýokary tehnologiýalar ulgamynda, şol sanda «akylly şäher» taslamalarynydyr şäher infrastrukturasyna innowasion çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. 13-nji martda Arkadag şäherine ýokary baha berlip, Hançžounyň Dýanszy uniwersiteti tarapyndan oňa «ýaşyl» we ekologik taýdan arassa şäher hökmünde Üstünlik güwänamasynyň gowşurylandygy aýratyn bellenildi.
Türkmen tarapy Hançžounyň Dýanszy uniwersiteti bilen ýurduň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.
Şeýle hem iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary berkitmekde sport alyşmalaryň möhüm ähmiýeti nygtaldy diýlip, habarda bellenilýär.
