Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän ykdysady üstünlikleriň sergisiniň çäklerinde «Ak Gaýa» hojalyk jemgyýeti öz öndürýän lak-boýag önümleriniň we reňkleýiş esbaplarynyň giň görnüşini hödürledi.
Kompaniýanyň diwarlygynda sergä gelenler üçin hem kämillige ýetişen ussat gurluşykçylar, şeýle hem hususy sarp edijiler üçin niýetlenen önümleri bilen tanyşmak mümkinçilikleri döredildi.

«Ak Gaýa» Kent, Leon we Kontinental haryt nyşanlary bilen içki we daşky bezeg boýaglaryny, gruntlary, fakturalaýjy garyndylary, beton üçin ýörite örtükleri hem-de poslama garşy sintetiki serişdeleri öndürýär.
Sergi 20-nji sentýabra çenli dowam eder we bu döwürde hünärmenlerden maslahat almak hem-de önümleriň hilini ýerinde baha bermek üçin ajaýyp mümkinçilik döredilýär.
«Ak Gaýa» kompaniýasynyň ähli önümleriniň görnüşleri Aşgabat şäheriniň G. Kulyýew köçesiniň (Obýezdnoý ýolunyň) 40-njy jaýynda ýerleşýän ýörite dükanlarynda görkezilýär.
.
Has giňişleýin maglumatlary we maslahatlary almak üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88 ýa-da kompaniýanyň resmi sosial ulgamlardaky sahypasy hem elýeterlidir.
