Aşgabatda şu gün açylan, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän ykdysady üstünlikleriň sergisine «Owadan Ülke» hojalyk jemgyýeti hem gatnaşýar. Kompaniýanyň diwarlygynda maýonezler, ketçuplar, spredler, şeýle hem konserwirlenen gök we miwe önümleri görkezilýär. Bu önümler sergä gelen myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi.

Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynda ýerleşýän «Owadan Ülke» zawody günde 20 tonna çenli maýonez we bir nobatda 80 tonna çenli möwsümleýin konserwirlenen önümleri öndürmäge ukyplydyr. 2016-njy ýylda esaslandyrylan kärhana NUR, Mylaýym, Hazyna we Esmo haryt nyşanlary bilen önümlerini bazara hödürleýär.

Zawodyň önümçilik kuwwatlyklary Germaniýadan getirilen häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa ähli önümçilik işleriniň awtomatlaşdyrylmagyna we önümleriň durnukly ýokary hiline kepil geçýär. Kärhanada HACCP azyk howpsuzlygynyň halkara standartlary we ISO 9001-2015 hil dolandyryş ulgamy ornaşdyrylandyr. Mundan başga-da, çig maldan başlap taýýar önümi gaplamaga çenli ähli tapgyrlarda gözegçilik edýän öz barlaghanasy hereket edýär. NUR, Mylaýym, Hazyna we Esmo haryt nyşanly önümler ýurduň ähli künjegindäki supermarketlerde we azyk dükanlarynda giňden hödürlenýär. Giňeldilen paýlaýyş ulgamy kompaniýa täze önümleri yzygiderli söwda nokatlaryna ýetirmäge we sarp edijiler üçin durnukly haryt görnüşleri bilen üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Ykdysady üstünlikleriň sergisi 18–20-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda, Çandybil şaýoly, jaý 143 salgysynda geçirilýär.
Sergi her gün 09:00-dan 18:00-a çenli açykdyr.
Owadan Ülke kompaniýasynyň habarlaşmak üçin maglumatlary:
Telefon: (+993 63) 29 82 28
Web saýty: owadanulke.com
Elektron poçtasy: info@owadanulke.com
