Türkmenistanly we özbegistanly kino ussatlary tarapyndan bilelikde surata düşürilen «Magtymguly Pyragy» atly çeper film Bolgariýada geçirilen XIII Halkara kinofestiwalda baş baýrak bilen sylaglandy. Bu barada ussatnews.com habar berýär.
Bu film üçin soňky ýylyň dowamynda gazanylan nobatdaky uly üstünlikdir. Mundan ozal film Londonda we Kazanda baýraklara mynasyp bolupdy. Mundan başga-da, «Magtymguly Pyragy» filmi IV «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň iň gowy çeper filmi hökmünde ykrar edilipdi.
Filmiň wakalary XVIII asyrda bolup geçýär. Onda türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň durmuşy, onuň Buharadaky «Gögeldaş» medresesinde we Hywadaky «Şirgazy han» medresesinde ylym alan döwri tomaşaçylaryň öňünde janlandyrylýar.
Filmiň režissýory özbegistanly Muzaffar Erkinow bolup, baş keşbi türkmen aktýory Ahmet Amandurdyýew ýerine ýetirdi. Şahyryň kakasy Döwletmämmet Azadynyň keşbini bolsa Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew janlandyrdy.
Filmiň Bolgariýadaky gazanan üstünligi diňe bir döredijileriň ýokary ussatlygyny däl, eýsem, Türkmenistanyň we Özbegistanyň medeni mirasyna halkara derejesinde barha artýan gyzyklanmany hem tassyklaýar diýip, habarda bellenilýär.
