«Ak Bulut» hojalyk jemgyýeti Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli guralýan ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisine gatnaşýar. Kompaniýa içerki bazarda bolşy ýaly, daşary ýurtlarda hem uly isleg bildirilýän gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini, şol sanda asma potoloklary, gipsokartony, profil ulgamlaryny we gurluşyk esbaplaryny görkezýär.
Hususan-da, täze önüm – esasy aýratynlygy ýangyna garşy durnuklylygy bolan «Boardline» daşarky gipsokarton myhmanlaryň aýratyn ünsüni çekdi. Şeýle aýratynlyk bu materialy beýleki meňzeş önümlerden tapawutlandyrýar. «Boardline» çyglylyga hem çydamlydyr, şeýle-de ol berkligi, gaýtadan işlemegiň aňsatlygy we uzak möhletliligi bilen tapawutlanýar, bu bolsa ony binanyň daşarky timarlaýyş işleri üçin ajaýyp çözgüde öwürýär. Häzirki wagtda Türkmenistanda onuň ornuny tutup biljek başga önüm öndürilmeýär.
«Boardline» mermeriň, betonyň we alkapondyň ornuna ulanylyp bilner, ol nemden goramak üçin ýörite içki gatlaga we mämişi süýümli örtüge eýedir. Bu material ähli üçek ulgamlary üçin amatlydyr we 120x250 sm standart ululykdadyr. Hyzmat ediş möhleti 50 ýyla çenli ýetýär, bu bolsa ony ulanýan binalaryň uzak ömrüni üpjün edýär.
«Ak Bulut» kompaniýasy öndürýän önümlerini, şol sanda gipsokarton tagtalary, gury gurluşyk garyndylaryny, gipsokartondan we metaldan asma potoloklary, şeýle hem profil ulgamlary Merkezi Aziýa we Kawkaz ýurtlaryna: Özbegistana, Gyrgyzystana, Owganystana, Azerbaýjana, Gruziýa we Ermenistana yzygiderli eksport edýär.
Sergi 18 – 20-nji sentýabr aralygynda Çandybil şaýolunyň 143-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýär. Sergi sagat 09:00-dan 18:00-a çenli myhmanlar üçin açykdyr.
Habarlaşmak üçin telefonlar:
(+99312) 754243 / 754244
(+99362) 24 00 44, +99362 24 00 55, +993 62 14 00 44
Baş edara binasy we sergi otagy:
Aşgabat ş. G.Kulyýew köç., 29/1 jaý, 3-nji gat
Önümçilik merkezi:
«Ak Bulut» kompaniýasynyň asma potoloklary we profil ulgamlaryny öndürýän zawody hem-de ammary – Ahal welaýaty, Ak Bugdaý etraby;
«Ak Bulut» kompaniýasynyň gipsokarton, BOARDLINE we gury gurluşyk garyndylaryny öndürýän zawody hem-de ammary – Lebap welaýaty, Dostluk şäheriniň çägi