Golliwudyň aktýory we režssýory Robert Redford 89 ýaşynda aradan çykdy. Bu barada «INTERFAX.RU» habar berdi. Aktýoryň wekili onuň Ýutadaky öýünde aradan çykandygyny aýtdy.
Redford «Buç Kessidi we Sandens Kid», «Kondoryň üç güni», «Ähli Prezident goşuny» we «Afrikadan» atly filmlerdäki keşpleri bilen bellidir. Ol şeýle hem režissýor hökmünde «Adaty adamlar», «Derýanyň akýan ýerinde» hem-de «Telebäsleşik» ýaly filmleri surata düşürdi.
Robert Redfors 2002-nji ýylda abraýly «Oskar» kino baýragyny aldy. Artist şeýle hem halkara «Altyn globus», «Emmi» we BAFTA kino baýraklarynyň eýesidi.
