Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) hünärmenleridir işçileri 2025-nji ýylyň geçen döwründe uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemekde we nebit önümleriniň dürli görnüşlerini öndürmekde ýokary netije görkezdiler. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Toplumda degişli döwürde 3 million 206 müň 600 tonnadan gowrak «gara altyn» gaýtadan işlenildi we meýilnama 104,2 göterim berjaý edildi.
Ozal habar berşimiz ýaly, 18-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidentiniň sanly ulgam arkaly ak pata bermeginde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň «Kenar» toplaýjy-ýükleýji nebit kärhanasynda nebit we nebit önümleri guýulýan hem-de kabul edilýän 3-nji gämi duralgasynyň açylyş dabarasy boldy.
Beýik Britaniýanyň «Petro Gas LLP» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnama laýyklykda gurlan täze desganyň ýyllyk kuwwaty nebit önümlerini ýüklemek boýunça 2 million 60 müň tonna, çig nebiti we nebit önümlerini düşürmek boýunça 1 million 150 müň tonna deňdir. ABŞ-nyň, Germaniýanyň, Niderlandlar Patyşalygynyň dünýä belli kompaniýalarynyň öňdebaryjy enjamlary ornaşdyrylan desgada ähli işler awtomatlaşdyrylan usulda ýola goýlan.
