Turkmenportal logo
16.09.25
1923219232
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda «Türkmen kinosynyň rowaýatynyň simfoniýasy» atly konsert geçiriler

Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, dirižýor Rasul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda, paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 28-nji sentýabrda Mukamlar köşgünde geçiriljek «Türkmen kinosynyň rowaýatynyň simfoniýasy» atly konsertine çagyrýar.


Konsertiň maksatnamasyna türkmen kino sungatynyň rowaýatyna öwrülen filmlerinden saz eserleri girizildi.


Konsert sagat 19:00-da başlanýar.


Biletler bilen baglanyşykly soraglar boýunça bildirişde görkezilen telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz.