Turkmenportal logo
16.09.25
2561825618
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň Prezidenti Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti hanym Klaudiýa Şeýnbauma Meksikanyň Birleşen Ştatlarynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada TDH habar berýär.


Habarda bellenilişi ýaly, türkmen döwletiniň Baştutany ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Klaudiýa Şeýnbauma tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Meksikanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, abadançylyk arzuw etdi.