UFC tutluşyklarynyň öňki iki gezek ýeňijisi Konor Makgregor Irlandiýadaky Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçy däldigini habar berdi. Ol bu barada sosial torda ýazdy diýip, «MIR 24» habar berdi.
Makgregor öz maşgalasy bilen maslahatlaşandan soňra şeýle netijä gelendigini ýaňzytdy. Emma ol özüniň irland halkyna gulluk etmegini dowam etjekdigini-de sözüniň üstüne goşdy.
Konor Makgregor:
«Men irland bähbitlerini öňe sürmek, ykdysady mümkinçiliklerimizi berkitmek üçin halkara meýdançany peýdalanmak arkaly öz halkyma hyzmat etmegimi dowam ederin».
Irlandiýada Prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň 11-nji noýabryna bellendi. 2011-nji ýyldan bäri bu wezipäni Maýkl Higgins eýeläp gelýär.
