Russiýalylaryň tas her bäşinjisi (18 göterim) internet ulanmaýar. Bu barada «Общественное мнение» gaznasynyň geçiren pikirsoraşmasynyň jemlerinde aýdylýar diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Pikirsoraşmanyň jemleri boýunça internet ulanmaýan russiýalylaryň, esasan, uly ýaşlylardygy belli boldy. Mysal üçin, ýaşy 60-dan ýokary bolan adamlaryň tas ýarysy (46 göterimi), 46-60 ýaşlylaryň her altynjysy (16 göterimi) internetden peýdalanmaýar. 18-30 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda bu görkeziji 1 göterime deňdir.
Pikirsoraşma Russiýanyň sebitleriniň 51-sinde, ýaşy 18-den 97-ä çenli raýatlaryň gatnaşmagynda geçirilipdir.
