Aşgabatda 12-nji sentýabrda BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasy we howa boýunça Pariž şertnamasyndaky borçnamalaryň çäklerinde Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşantlaryny täzelemek işine bagyşlanan iş duşuşygy geçirildi.
Duşuşygy BMG-niň Ösüş maksatnamasy (BMGÖM) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň utgaşdyrmagy we Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň goldaw bermegi bilen geçirdi.

Çäräniň maksady gatnaşyjylary Türkmenistanyň Milli derejede kesgitlenen goşantlarynyň 3.0 täzelenmegine taýýarlamagyň esasy ýörelgeleri, usulyýeti we tapgyrlary bilen tanyşdyrmak, şeýle hem onuň mazmunyny we geljekki wezipelerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň işine döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň we ylmy toparlaryň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň barşynda täzelenen Milli derejede kesgitlenen goşantlarynda 3.0 beýan ediljek ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, ýurduň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça borçnamalaryny has jikme-jik kesgitlemek, uýgunlaşdyryş bölümlerini giňeltmek, şeýle hem biodürlüligi, topragyň zaýalanmagyny we anyk çeşmeleri görkezmek bilen howa maliýeleşdirmesiniň meselelerini goşmak meýilleşdirilýär. Resminama hususy ulgamy howa çärelerini durmuşa geçirmek işine çekmäge we jemgyýetçiligi öz içine almaklygyny üpjün etmäge aýratyn üns berler.

BMGÖM-nyň Türkmenistanda ekologik ugry boýunça maksatnamasynyň bilermeni Farhat Orunow şeýle belläp geçdi:
«Täzelenen Milli derejede kesgitlenen goşantlary taýýarlamak diňe Türkmenistanyň Pariž şertnamasyndaky halkara borçnamalaryny berjaý etmek bilen çäklenmän, eýsem ýurduň durnukly ösmegi, howanyň durnukly ýagdaýyny güýçlendirmegi we ýaşyl ykdysady ösüşi üçin esas goýmagyň strategiki mümkinçiligidir. BMGÖM bu işi goldamagy halkara derejesinde ýurtlaryň howa çäreleri ugurlaryndaky mümkinçiliklerini berkitmek boýunça global başlangyjyň möhüm düzüm bölegi hökmünde garaýar. Biz bu duşuşygyň döwlet edaralarynyň, ylmy toparlaryň, halkara hyzmatdaşlaryň we raýat jemgyýetiniň wekillerini birleşdirýändigine aýratyn ähmiýet berýäris».

Milli derejede kesgitlenýän goşantlar Pariž şertnamasynyň düzüm bölegi bolup, onuň uzak möhletli maksatlaryna ýetmekde möhüm gural bolup durýar. Milli derejede kesgitlenýän goşantlar Türkmenistanyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemeginiň netijelerine uýgunlaşmak boýunça tagallalaryny görkezýär. BMGÖM-nyň «Howa wadasy 2» global başlangyjynyň çäklerinde Türkmenistanda BMGÖM Milli derejede kesgitlenýän goşantlar taýýarlamak we täzelemek işine hemmetaraplaýyn goldaw berýär.
«Howa wadasy 2» başlangyjynyň çäklerinde BMGÖM häzirki Milli derejede kesgitlenýän goşantlaryň goşmaça seljermesini geçirmäge kömek etdi, bu bolsa häzirki boşluklary kesgitlemäge we Türkmenistanyň parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak böleginde howa babatda ileri tutmalarynyň güýçlendirilmegi üçin täze mümkinçilikleri kesgitlemäge ýardam berdi.
