Belarus döwlet informatika we radioelektronika uniwersiteti (BDIRU), Belarus milli tehniki uniwersiteti (BMTU) we Ýanka Kupala adyndaky Grodno döwlet uniwersiteti (GrDU) dalaşgärlerden resminamalary kabul etmegini dowam edýärler.
Belorus uniwersitetleriniň Türkmenistandaky resmi wekili – «Abraýly Watan» HK girişiň ähli tapgyrlarynda doly derejeli goldaw berýär. Kompaniýa geljekki talyplara özlerine laýyk gelýän uniwersiteti we hünäri saýlamaga kömek edýär, synaglara taýýarlyk boýunça maslahat berýär, şeýle hem talyplary howa menzilinde garşylaýar, ulagda barmaly ýerine alyp gitmegi, ýaşaýyş jaýyna ýerleşdirmegi we täze şertlere uýgunlaşmaga kömegi üpjün edýär.
Goşmaça maglumat we maslahat almak üçin dalaşgärler şu telefonlara: (+993 65) 05 72 75, (+993 64) 05 72 75, (+993 63) 27 72 75, (+993 62) 94 48 22 ýa-da abraylywatan2024@gmail.com elektron poçta salgysyna ýüz tutup bilerler.
Şeýle hem kompaniýanyň sosial ulgamlardaky sahypasy elýeterlidir.