Turkmenportal logo
13.09.25
2963829638
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Albaniýada ilkinji emeli aňly wirtual ministr wezipä bellendi
Surat: Diken

Albaniýanyň Hökümetinde dünýäde ilkinji emeli aňly wirtual ministr peýda boldy. Ony döwlet satyn alyşlary üçin jogapkär bellediler.


Wirtual ministre alban dilinden terjime edilende, «Gün» diýmegi aňladýan Diella diýip at berdiler. 2025-nji ýylyň ýanwaryndan bäri ol döwlet gulluklarynyň serwisinde ulanyjylara hyzmatlary sanly görnüşde almaga kömek edip, maslahatlary berdi.


Häzir Diellanyň wezipesini ulaltdylar. Ýurduň Premýer-ministri Edi Rama ony «döwlet satyn alyşlary boýunça gullukçy» hökmünde Hökümetiň düzümine girizdi. Premýer-ministr EA-ministr döwlet tenderleri ulgamyny korrupsiýadan doly azat etmäge mümkinçilik berer diýip ynanýar.


Indi Diella her bir tenderi öwrenmeli bolar we Hökümet adalatly bahalandyrmadan soňra hususy kompaniýalar bilen geleşikleri baglaşar. Bu döwlet çykdajylarynyň aýdyňlygyna kepil geçer diýip, «The Guardian» gazeti ýazýar.