Turkmenportal logo
13.09.25
3410234102
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Huwaýdo Umarowa Özbegistanyň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy diýlip, yglan edildi
Surat: M24.ru

Özbegistanyň Fergana oblastynyň ýaşaýjysy Huwaýdo Umarowany ýurduň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy diýip, resmi yglan etdiler. Ol 1895-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda doglupdyr diýip, «MIR 24» habar berdi.


Rekord Özbegistanyň Ýustisiýa ministrliginde hasaba alyndy. Zenan indi planetanyň iň uzak ýaşly ýaşaýjysy hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girip biler diýlip, ministrligiň metbugat gullugynda habar berdiler.


Häzirki wagtda dünýäde iň uzak ýaşly adam diýlip, britaniýaly zenan Etel Katerham ykrar edilýär. Ol 2025-nji ýylyň awgustynda özüniň 116 ýaşyny belledi.


Ýaşy resmi taýdan tassyklanan iň garry adam fransiýaly zenan Žanna Luiza Kalman bolup, ol 1875-nji ýylyň 21-nji fewralynda doglupdyr we 122 ýyl 164 gün ýaşapdyr.