Turkmenportal logo
12.09.25
3173731737
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatda Zümerret şaý-sepler dükanynyň binasyny durkuny täzelemek boýunça tender bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Merkezi banky Aşgabadyň Bitarap Türkmenistan şaýolynda ýerleşýän «Zümerret zergärçilik önümleri» şaý-sepler dükanynyň binasynda abatlaýyş işlerini geçirmek boýunça tender bäsleşigini yglan etdi.


«Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde neşir edilen bildirişde binanyň mermer örtüklerini täzelemek we poslama sebäpli zaýalanan beton örtükleriniň durkuny täzelemek meýilleşdirilýär. Şeýle hem binanyň töweregindäki daş örtüklerini abatlamak boýunça işler geçiriler.


Goşmaça maglumatlary Aşgabat, Bitarap Türkmenistan şaýoly, jaý 36 salgysy boýunça alyp bolýar. Maglumatlary almak üçin telefonlar: (+993-12) 38-10-27, 38-15-25, 38-14-25.