Turkmenportal logo
12.09.25
2461424614
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde guruljak metjidiň taslamasyny düzmek boýunça bäsleşik yglan edildi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Azerbaýjan Respublikasynyň Fizuli şäherinde metjidiň taslamasyny düzmek we gurmak üçin kotirowka görnüşde bäsleşik yglan edýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.


Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar we teklipler 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.


Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.


Telefon belgileri: 44-46-77, 44-46-64.