Turkmenportal logo
11.09.25
2211822118
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky Amerikan merkezi meýletinçi-kömekçi işgäri gözleýär

Aşgabatdaky Amerikan merkezi 16 ýaşdan 30 ýaşa çenli gyzyklanma bildirýän raýatlary meýletin esasda (aýlyksyz) wagtlaýyn kömekçi işgäri hökmünde işlemek üçin çagyrýar.


Eger siz adamlar bilen aragatnaşyk saklamagy, täze başarnyklary öwrenmegi we täze dostlar edinmegi halaýan bolsaňyz, Amerikan merkezinde meýletinçi-kömekçi wezipesine ýüz tutmak mümkinçiligiňiz bar.


Meýletinçilerden şular talap edilýär:


  • Kitaphananyň işine goldaw bermek;
  • Programmalar boýunça kömek etmek;

Türkmen, iňlis we rus dillerini iş derejesinde bilmeli.


Meýletinçilik tejribesi bolanlara aýratyn üns berilýär.


Amerikan merkezinde meýletinçi işiniň garaşylýan sagat mukdary: sagat 9:00-dan 18:00-a çenli hepdede 10 sagat


Garaşylýan meýletinçilik iş döwri: oktýabr – ýanwar aralygy.


Arzany 28-nji sentýabra çenli degişli salgylanma boýunça tabşyryp bolýar.


Goşmaça soraglar üçin şu salgy boýunça ýüz tutup bilersiňiz: AmericanCenterAshgabat@state.gov


Amerikan merkeziniň işgärleri diňe saýlanyp alnan dalaşgärler bilen habarlaşarlar.