«Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýeti içki bezegde häzirki zaman çözgütlerini hödürleýär — ýarym açyk pleksiglasdan taýýarlanan akrilden tutawaçlar, basgançaklara diňe bir berk gurluş däl-de, eýsem stil taýdan özboluşly bezeg hem berýär. Bu tutawaçlar owadan görnüşi bilen içki bezegi baýlaşdyrýar, ýokary derejeli ygtybarlylygy üpjün edýär — material adaty aýnadan on esse berk bolup, 50 ýyla çenli hyzmat edip biler.

Basgançagyň tutawaçlary köp ugurly ulanylyş mümkinçilikleri bilen tapawutlanýar: olar beton, daş, metal we agaç esaslara aňsatlyk bilen gurnalýar, şeýle hem agaç, alýumin, poslamaýan ýa-da hromlanan polat, hatda altyn bilen bezelen elementler bilen sazlaşykly utgaşýar. Onuň bu aýratynlyklary islendik öý üçin özboluşly dizaýn çözgütlerini döretmäge mümkinçilik berýär.
Her bir önüm müşderiniň islegine görä sargyt etmegiň esasynda taýýarlanylýar. Taslamalaryň düzülmegine tejribeli binagärler we dizaýnerler gatnaşyp, öýüňize iň laýyk görnüşi saýlamaga kömek berýärler.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Salgysy: Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi, bina №28
Telefonlar: 75 41 11, 75 42 22, 59 53 53, 59 53 33
Sosial ulgam sahypasy arkaly hem ýüz tutup bilersiňiz.
