Tahyr Ataýewiň orkestri paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny Täze zehinli sesler atly konsertine çagyrýar. Konsert 3-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda geçiriler.
Orkestr bilen bilelikde sahnada Türkmenistanyň Döwlet horunyň agzalary hem-de Aşgabatdaky 3-nji çagalar sazçylyk mekdebiniň hor topary çykyş ederler.
Konsertiň maksatnamasynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirilýär.
Konsert sagat 19:00-da başlanýar.
Biletler bilen baglanyşykly soraglar boýunça bildirişde görkezilen telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.
