Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekiliýeti 8 — 11-nji sentýabr aralygynda Daniýada geçirilýän hünär ussatlygyny kämilleşdirmek boýunça 4-nji foruma gatnaşdy.
Çärä 43 döwletiň 400-den gowrak wekili, şol sanda hünär-tehniki bilim we taýýarlyk (VET) boýunça ýolbaşçylar, sanlylaşdyrma we durnukly ösüş boýunça hünärmenler, şeýle hem işewürlik we talyplar jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdy diýip, Bilim ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.
Forumyň esasy ugurlarynyň biri okuwlaryň sanlylaşdyrylmagy, okuw-usulyýetde innowasion usullaryň ornaşdyrylmagy hem-de ýaşlary ýokary hilli hünär taýýarlygy bilen üpjün etmek bolup, bu iş «ýaşyl» we sanly geçiş şertlerinde aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Forumyň maksatnamasy örän baý we köptaraply bolup, onda umumy mejlisler, mowzuklaýyn çekişmeler, poster sessiýalary, iş tejribesi boýunça okuw-sapaklary (workshop), şeýle hem Daniýanyň öňdebaryjy hünär okuw edaralaryna hem-de energetika, «ýaşyl» tehnologiýalar, oba hojalygy we sanly innowasiýalar ugrundaky kärhanalara saparlar göz öňünde tutuldy.
Forum täze hyzmatdaşlyklary ýola goýmaga, tejribe alyşmaga, geljekki öňde durýan wezipelere taýýarlykly ýaş hünärmenleri taýýarlamaga we durnukly sosial-ykdysady ösüşde bilimiň ornuny güýçlendirmäge mümkinçilik berdi.
