Turkmenportal logo
11.09.25
2270222702
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
R.Meredow we K.Imnadze BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň (MAÖADSM) ýolbaşçysy Kaha Imnadze bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.


Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we MAÖADSM-iň arasyndaky, hususan-da, ýakynda öz işine başlan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.


Gepleşiklerde esasy üns BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlaryna gönükdirildi. Olaryň köpüsiniň Merkeziň mandatyna laýyk gelýändigi aýratyn nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy bu ugurlar boýunça MAÖADSM bilen işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady.