Turkmenportal logo
10.09.25
1068610686
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen paýtagtynda 18-nji sentýabrda ýurduň ykdysady üstünlikleriniň sergisi açylar

18-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli guralýan ykdysady üstünlikleriň sergisi öz işine başlar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň resmi saýtynda habar berilýär.


Sergä gatnaşyjy hökmünde ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn edaralary, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşarlar.


Serginiň diwarlyklary ykdysadyýet, energetika we senagat, nebit-gaz, nebit-himiýa, dokma senagaty we halyçylyk, gurluşyk we gurluşyk serişdeleri, binagärlik, ulag, aragatnaşyk, kommunikasiýa, oba hojalygy, gaýtadan işleýän we azyk senagaty, saglygy goraýyş we lukmançylyk senagaty, bilim, sport, syýahatçylyk, neşirýat işi hem-de tebigaty goramak ýaly ugurlardaky üstünliklere bagyşlanar.


Sergi 20-nji sentýabra çenli dowam eder.


Serginiň geçirilýän ýeri: Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasy, Çandybil şaýoly, 143.


Serginiň iş wagty: 09:0018:00.