Häzirki zaman durmuşynda ýokary hilli terjime hyzmatlary işewürlikde, bilimde we gündelik durmuşda örän zerur bolup durýar. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen işleşilende ýa-da möhüm resminamalary terjime etmek zerurlygy ýüze çykanda, terjimäniň hil derejesi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şu ugurda on ýyldan gowrak wagt bäri iş alyp barýan «Adyl hekem» terjime merkezi Türkmenistanyñ çäginde giň gerimli hünär hyzmatlaryny hödürleýär.
Merkez dürli görnüşli resminamalar bilen işleşýär — tehniki görkezmelerden we hukuk şertnamalaryndan başlap, lukmançylyk kepilliklerine çenli. Her bir terjime redaktorlar we korrektorlar tarapyndan barlanýar, bu bolsa asyl nusganyň takyklygyny we maksatly okyjylara uýgunlaşdyrylyşyny doly derejede üpjün edýär. Kompaniýa sargytlaryň ýerine ýetirilmeginiň takyk möhletine we berlen maglumatlaryň gizlinligine kepil geçýär.
«Adyl hekem» wekilleriniň sözlerine görä, merkez özüni diňe bir terjime edarasy hökmünde däl-de, eýsem halkara işewürlikde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde hem görkezýär. Her bir müşderä aýratyn çemeleşme hödürlenýär we olaryň iş mümkinçiliklerini giňeltmekde goldaw berilýär.
Terjime merkezi Aşgabat şäherindeÝylgaý Durdyýew köçesi, 52-nji jaý salgysynda ýerleşýär.
Giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz:
(+993 12) 47 17 69, +993 65 79 22 96
Elektron poçta: adyl.hekem@gmail.com