Turkmenportal logo
07.09.25
2267622676
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Täjigistan Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen Bitaraplygyň dostlary toparyna goşuldy

Täjigistan, toparyň ähli agzalary tarapyndan biragyzdan tassyklanmagyň esasynda, Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlarynyň toparyna resmi taýdan goşuldy. Bu barada Türkmenistanyň BMG-däki wekilhanasy habar berýär.


Parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş üçin Bitaraplygyň dostlarynyň toparynyň agzasy hökmünde Täjigistan bitaraplyk ýörelgeleriniň has giňden ulanylmagy esasynda toparyň ählumumy parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüş maksatlaryna bolan ygrarlylygyny güýçlendirer.