2025-nji ýylyň 25-nji awgustyndan 5-nji sentýabry aralygynda Nýu-Ýork şäherinde BMGÖM-iň ÝUNFPA-nyň we ÝUNISEF-iň ýerine ýetiriji geňeşleriniň ikinji yzygiderli mejlisleri geçirildi.
Mejlisleriň netijeleri boýunça 2026 — 2030-njy ýyllarda Türkmenistan üçin ýurt boýunça maksatnamalaryň resminamalary tassyklandy.
Bu maksatnamalaryň konsepsiýalary türkmen tarapy bilen bilelikde taýýarlanyldy diýlip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berilýär.
Resminamalara laýyklykda, geljek bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanyň çäginde BMGÖM-iň, ÝUNISEF-iň we ÝUNFPA-nyň wekillikleri bilen hyzmatdaşlykda degişli ugurlar boýunça birnäçe taslamalary we çäreleri durmuşa geçirmek meýilleşdirilýär.
