Turkmenportal logo
07.09.25
1864518645
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň demirgazyk sebitindäki obalarda elektrik geçiriji ulgamlary täzelendi
Türkmenistanyň demirgazyk sebitindäki obalarda elektrik geçiriji ulgamlary täzelendi

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Ýaldyrýap obasynda kuwwaty 0,4 we 10 kilowolt bolan elektrik geçiriji ulgamlary täzelendi.


«Türkmenistan: Altyn asyr» elektron neşiriniň habar bermegine görä, «Daşoguzenergogurluşyk» kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan iki kilometre golaý aralykda howa elektrik geçiriji liniýalaryň durkuny täzeleme işleri geçirildi.


Mundan başga-da, şu ýylyň dowamynda Akdepe etrabynyň ýene-de üç obasynda elektrik geçiriji ulgamlaryň käbir bölekleri täzelendi, şeýle hem Boldumsaz etrabynda bir elektrik liniýasynyň durky täzeleniş işleri ýerine ýetirildi.


Bu işleriň bökdençsiz ýerine ýetirilmeginde we möhüm aragatnaşyk ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagynda Daşoguz welaýatynyň energetika ulgamynyň ýurduň umumy energetika halkasyna birikdirilmegi möhüm ýagdaý boldy – diýip, neşirde bellenilýär.