Türkmenistanyň futbol boýunça ýygyndysy CAFA-nyň Milletler kubogy ugrundaky toparçalaýyn tapgyrynyň soňky duşuşygynda Omanyň toparyndan 1:2 hasabynda ýeňildi. Duşuşyk Daşkentde geçirildi.
Oýunda hasaby 12-nji minutda açdylar - omanlylar Türkmenistanyň ýygyndysynyň derwezeçisi Rüstem Ahallyýewiň awto goly sebäpli öňe saýlandylar. Duşuşygyň 51-nji minutynda başga oýunçynyň ýerine çykan Welmyrat Ballakow jerime meýdançasynyň çäginden güýçli urgy bilen gol geçirip, hasaby deňledi. 93-nji minutda Omanyň ýygyndysynyň hüjümçisi Muhsen al-Gassani gol geçirip, duşuşygyň gutarnykly hasabyny kesgitledi.
«Oglanlarymyza minnetdarlyk bildirýärin. Biz ähli güýjümizi sarp etdik. Men netije üçin däl-de, şikes alan futbolçylarymyz hakda has köp alada edýärin» - diýip Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow oýundan soňky metbugat ýygnagynda aýtdy.
Tälimçiniň sözlerine görä, netijä köp zatlar täsir etdi. «Bu ýaryşda maksadymyz oýunçylaryň ukyp-başarnyklaryna göz ýetirmek boldy. Indi bize Aziýanyň kubogy-2027 ýaryşynyň saýlama oýunlaryna ykjam taýýarlyk görmeli», - diýip, Meredow belläp geçdi.
Tälimçi milli ýygyndynyň ösmegi üçin şeýle ýaryşlara gatnaşmagyň möhümdigini nygtady. «Şeýle ýaryşlar bize uly tejribe toplamaga mümkinçilik berýär. Mysal üçin, Oman şu ýylyň özünde birnäçe uly oýna gatnaşmaga ýetişdi. Bize edil şeýle oýunlar ýetmeýär» - diýip Meredow nygtady.
.jpg)
Türkmenistanyň we Omanyň ýygyndylary A toparçada çykyş etdiler. Üçünji tapgyrda ýeňilenden soň, şeýle-de ozal Gyrgyzystan bilen deňme-deň (1:1) oýnap, soň Özbegistandan ýeňilip (1:2), türkmen futbolçylary toparçadan çykmak mümkinçiligini elden giderdiler.
A toparçada birinji ýeri Özbegistanyň topary eýeläp, indiki ýaryşa geçdi. Üçünji tapgyrda ol Gyrgyzystany 4:0 hasaby bilen ýeňmegi başardy. 8-nji sentýabrda geçiriljek ýaryşyň finalynda Özbegistanyň ýygyndysy Eýranyň topary bilen duşuşar. Üçünji ýer üçin Oman bilen Hindistanyň ýygyndylary duşuşarlar.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň baş tälimçisiniň ozal aýdyşy ýaly, CAFA-nyň Milletler kubogy ýaryşy Aziýanyň kubogy-2027 saýlama tapgyrynda Şri-Lanka (9-njy oktýabrda we 14-nji noýabrda) we Hytaý Taýbeýi (18-nji noýabrda) bilen geçiriljek güýzki oýunlara taýýarlyk tapgyry hökmünde garalýar.
