San-Fransiskonyň howa menzilinde iki ýolagçy uçary çaknyşdy, bu barada «United Airlines» awiakompaniýasyna salgylanýan «ABC News» habar berdi.
Adatdan daşary ýagdaý halkara howa menzilinde boldy. Uçary uçuşa çykmak üçin herekete girizdiler, birdenkä ol guýrugy bilen beýleki bir ýolagçy uçaryň guýrugyna kakdy. Çaknyşma wagty ýolagçylar göýä ýer titrän ýaly bolandygyny gürrüň beripdirler.
Ejir çekenler ýok, ähli ýolagçylary beýleki uçarlara geçirdiler. Emma çekilen maliýe zyýany köp diýip, teleýaýlym habar berdi.
ABŞ-nyň Raýat awiasiýasy federal edarasy heläkçiligiň sebäplerini derňeýär.
