Özbegistanyň ýygyndysynyň goragçysy Farruh Saýfiýew CAFA-nyň Milletler kubogynyň ikinji tapgyryndaky duşuşykda Türkmenistanyň derwezeçisi Rasul Çaryýewe şikes ýetirendigi üçin ötünç sorady. Bu barada Saýfiýew Championat.Asia neşirine gürrüň beripdir.
Hadysa oýnuň ikinji ýarymynda ýüze çykdy, Saýfiýew derwezäniň alkymynda top ugrunda göreşýän mahaly aýagy bilen Çaryýewiň ýüzüne degdi.
«Men muny bilgeşleýin etmedim, diňe topa tarap ymtyldym. Egin-eşik çalşylýan otagda derwezeçiniň ýanyna baryp, ondan ötünç soradym» - diýip, Saýfiýew aýtdy.
Şikes ýetme sebäpli Çaryýew çalşyldy. Lukmançylyk barlaglarynyň netijesinde onuň ýüzüne birnäçe tikin goýuldy, şeýle hem onuň burnunyň döwlendigi anyklandy.
Özüniň hem bu hereketi bilgeşleýin hasaplamaýandygyny Çaryýew Turkmenportal bilen söhbetdeşlikde aýtdy. Ol sagalmagyň uzak wagt almajakdygyny belläp, tiz wagtda oýun meýdançasyna dolanjakdygyna umyt baglaýandygyny aýtdy.
