«Hekem Audit» HK giň gerimli audit hyzmatlaryny hödürlemek bilen, «Hekem» kompaniýalar toparynyň bir bölegi bolup durýar. Audit işleri köplenç maliýe ýylynyň tamamlanmagy bilen gabat gelýändigi sebäpli, «Hekem Audit» HK audit geçirmek üçin şertnama baglaşmagyň zerurdygyny öňünden ýatladýar. Kompaniýa şertnama esasynda kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň hökmany we başlangyç auditi bilen meşgullanýar. Hünärmenler diňe bir maliýe durnuklylygyny seljermek bilen çäklenmän, eýsem buhgalterçilik hasaba alşyndaky ýalňyşlyklary ýüze çykarmaga we öňüni almaga hem kömek edýärler.
«Hekem» topary auditiň daşyndan dürli emläkleriň we desgalaryň bahasyny kesgitlemek hyzmatlaryny hem hödürleýär: öýleriň, jaýlaryň, täjirçilik gozgalmaýan emläkleriň, ofisleriň, dükanlaryň, önümçilik desgalarynyň; ofis tehnikasynyň, mebelleriň, ätiýaçlyk şaýlarynyň we serişdeleriň; önümçilik enjamlarynyň we tehnologik hatarlaryň; ähli görnüşli awtoulag serişdeleriniň. Mundan başga-da, «Hekem» topary işewürligiň, intellektual eýeçiligiň we maddy däl aktiwleriň bahasyny kesgitlemek bilen baglanyşykly özboluşly hyzmatlary hödürleýär.
«Hekem» topary şeýle hem gozgalmaýan emlägi satyn almak-satmak, çalyşmak ýa-da kärendesine almak bilen baglanyşykly hukuk goldawyny bermek, resminamalaryň resmi tassyklanmagyny üpjün etmek ýaly hyzmatlary hem ýerine ýetirýär. Hukuk goldawy zerur bolanda müşderiler maslahat almak we hukuk häsiýetli meseleleri çözmek üçin kompaniýanyň hünärmenlerine ýüz tutup bilerler.
Has giňişleýin maglumatlary almak we hyzmatdaşlyk etmek babatda ýüz tutmak üçin salgymyz:
Aşgabat ş., 10 ýyl Abadançylyk köçesi, 98
Tel.: (+993 12) 47 82 54, (+993 12) 47 81 15, +993 62007070
E-mail: hekem.info@gmail.com