Habar berşimiz ýaly, düýn Mary şäherinde Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasynyň, umumy ýaşaýyş jaýynyň, sport desgasynyň hem-de aýlawly ýoluň ugrundaky «Täze kuwwat» binasynyň açylyş dabarasy boldy. Onuň çäklerinde okuw binasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, Döwlet energetika instituty bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Klaustal tehnologiýa uniwersitetiniň hem-de bu ýurduň Martin Lýuter adyndaky Galle-Wittenberg uniwersitetiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekmek dabarasy hem geçirildi. Bu barada TDH habar berýär.
Halkara guramalaryň wekilleri Türkmenistanda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýokary tehnologiýa we okuw enjamlary ornaşdyrylan täze okuw binasynyň hem-de beýleki desgalaryň açylyş dabarasyna gatnaşmagyň ýatdan çykmajak waka öwrülendigini, onuň energetika babatda halkara ylym-bilim gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmeginde täze sahypany açýandygyny bellediler.
Dabara gatnaşan daşary ýurtly wekiller elektroenergetika pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça mundan beýläk-de tagalla etmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.
