Ýewropa futbol assosiýalarynyň birleşigi (UEFA) 2025/2026-njy ýylyň möwsüminiň Çempionlar ligasynyň esasy tapgyrynyň oýunlarynyň tertibini yglan etdi.
Ýewropanyň esasy kubogynyň ugrundaky ýaryşy 16-njy sentýabrda «Arsenal» (Angliýa) - «Atletik» (Ispaniýa) we PSW (Niderlandlar) - «Ýunion» (Belgiýa) klublarynyň oýunlary bilen açylar. Duşuşyklar Aşgabat wagty bilen 21:45-da başlanýar.
Şol gün şeýle-de «Ýuwentus» (Italiýa) - «Borussiýa» (Dortmund, Germaniýa), «Real» (Ispaniýa) - «Marsel» (Fransiýa), «Benfika» (Portugaliýa) - «Karabah» (Azerbaýjan) we «Tottenhem» (Angliýa) - «Wilýarreal» (Ispaniýa) oýunlary geçiriler.
Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» kluby ýaryşdaky çykyşyny 17-nji sentýabrda Italiýanyň «Atalanta» garşy öý meýdançasyndaky oýny bilen başlar. 18-nji sentýabrda «Monako» myhmançylykda Belgiýanyň «Brýugge» kluby bilen duşuşar.
18-nji sentýabrda Gazagystanyň «Kaýrat» topary Lissabonda Portugaliýanyň «Sporting» kluby bilen duşuşmak üçin bu ýaryşyň taryhynda iň uzyn sapary amala aşyrar. «Kaýrat» takmynan 7 müň kilometr aralygy geçmeli bolar.
Esasy tapgyryň ikinji tapgyryndan sekizinji tapgyryna çenli geçiriljek oýunlar: 30-njy sentýabr – 1-nji oktýabr, 21-22-nji oktýabr, 4-5-nji noýabr, 25-26-njy noýabr, 9-10-njy dekabr, 20-21-nji ýanwar we 28-nji ýanwar.
