Turkmenportal logo
30.08.25
2472924729
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Pekindäki Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygynyň baýramçylygyna 26 daşary ýurt lideri gatnaşar
Surat: RIA Nowosti

Hytaýyň paýtagtynda Ikinji jahan urşunda gazanylan Ýeňşe we urşuň tamamlanmagyna bagyşlanjak dabaralara daşary ýurt döwlet Baştutanlarynyň 26-sy gatnaşar. Bu barada HHR-iň merkezi telewideniýesi habar berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.


Häzir Pekiniň Týananmen meýdançasynda 3-nji sentýabrda geçjek dabaranyň ahyrky taýýarlyk işleri dowam edýär. Harby ýöriş 70 minut dowam eder.


Şeýle baýramçylyk dabaralary Týananmen meýdançasynda 1949-njy ýyldan, Halk Respublikasy döredilenden bäri geçirilýär. 2019-njy ýylyň 1-nji oktýabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň döredilmeginiň 70 ýyllygynyň dabarasyna 15 müň adam gatnaşdy.