ABŞ-ly 21 ýaşly Kaura Teýlory uzak gözleglerden soňra Şotlandiýanyň alys tokaýlyklaryndaky çadyrly düşelgeden tapdylar. Ol özüni «Kubala patyşalygy» diýip atlandyrýan afrikan taýpasynyň arasynda ýaşaýar ekeni diýip, «Unilad» neşiri habar berdi.
Teýlora taýpada «Atehenli Asnat» diýip at dakypdyrlar. Ol özlerini «patyşa» we «şa zenan» diýip atlandyrýan afrikalylaryň ýanynda ýaşaýar, jemagat bolsa özüni «ýiten afrika taýpasy» diýip atlandyrýar. Taýpa özüniň ata-babalaryna 400 ýyl mundan öň degişli bolan ýeri gaýdyp almakçy bolýar. Olar Edinburgdan 70 kilometrlikde mekan tutupdyrlar diýlip, habarda bellenýär.
Teýlor özüniň ýitendigi barada sosial torlardaky habarlary galp diýip yglan etdi we özüniň taýpada diýseň bagtlydygyny habar berdi.
Emma maşgalasy onuň bu sözüne ynanmaýar. Daýzasy Teri Allen onuň adamsyndan aýrylyaşandan soňra sekiz ýaşly gyzy bilen gezelenje çykyp, ýitirim bolandygyny gürrüň berýär.
Kaura Şotlandiýa 2025-nji ýylyň 25-nji maýynda alty aýlyk turistik ygtyýarnama bilen gelen bolmaly diýlip çaklanýar. Maşgalasy ony yzyna dolap getirjekdigine ynanýar.
