1-nji sentýabrda Türkmenistanyň teatrlary täze teatr möwsüminiň açylyşyny belleýärler. Şol gün Aşgabatdaky teatrlarda taryhy temalara bagyşlanan sahna eserleri görkeziler.
«Türkmenistan: Altyn asyr» neşiriniň habar bermegine görä: Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry tomaşaçylara «Şükür bagşy» atly spektaklyny hödürlär.
Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda «Pursat» atly sahna eseri görkeziler.
Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda paýtagtymyzyň tomaşaçylaryna «Ene Sargydy» atly spektakly görkezerler.
Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry möwsümini «Ene» atly sahna eseri bilen açar.
Türkmenistanyň döwlet gurjak teatry özüniň ýaş tomaşaçylaryny «Mährem ene» atly spektakly bilen garşylar.
Spektakllar 1-nji sentýabrda sagat 19:00-da görkeziler.
Neşiriň bellemegine görä, ýurdumyzyň welaýatlarynyň teatrlarynyň döredijilik toparlary hem täze möwsümiň açylyşyna doly taýýardyr.
