Türkmenistan 8 — 12-nji sentýabr aralygynda Astrahan sebitinde geçiriljek «BeregA» ýaşlar bilim forumyna wekilçilik eder.
Bu çärä Russiýadan we beýleki ýurtlardan 14 — 35 ýaş aralygyndaky 300 adam gatnaşar diýlip, events.myrosmol.ru tarapyndan habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, «BeregA» mekdep okuwçylary, talyplar we ýaş hünärmenler üçin amaly bilim almaga hem-de hünär biliminde peýdaly aragatnaşyk gurmaga mümkinçilikdir.
Foruma Hazar sebitiniň ýurtlaryndan, ýagny Azerbaýjandan, Gazagystandan, Türkmenistandan we Eýrandan gelen ýaşlar gatnaşar.
Forumyň çäklerinde ýaşlara iş berijileriň talaplaryna has gowy düşünmäge we işe taýýarlanmaga kömek etjek ussatlyk sapaklarydyr leksiýalar bolar. Çeşmäniň bellemegine görä, forum gatnaşyjylar üçin diňe bir bilim we başarnyklary däl, eýsem hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda hem peýdaly bolar.
