Turkmenportal logo
27.08.25
2541125411
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Kerwen» zenanlar futbol kluby 6 ýaşdan 16 ýaşa çenli ýaş türgen gyzlary kabul edýär

Aşgabat şäherindäki «Kerwen» zenanlar futbol kluby 6 ýaşdan 16 ýaşa çenli gyzlar üçin çagalar we ýetginjekler futbol bölüminiň açylandygyny resmi taýdan habar berýär. Bu barada klubyň metbugat gullugy habar berdi.


«Biz futbol maşgalamyza goşulmak isleýän ähli gyzlary çagyrýarys. Size ussat tälimçiler bilen gyzykly türgenleşikler geçmek, täze joralar we ýatdan çykmajak duýgular garaşýar» - diýip, klubyň metbugat gullugynyň habarynda bellenilýär.


Giňişleýin maglumat üçin şu telefon belgisine ýüz tutup bilersiňiz: +99362-32-24-21.