Täze okuw ýylynyň başynda Sakarçäge etrabynyň Akýap geňeşliginiň Akýap obasynda täze bina edilen 320 orunlyk çagalar bagynyň dabaraly açylyşy bolar. Mary welaýat häkimliginiň Düýpli gurluşyk müdirliginiň buýurmasy esasynda bu binanyň gurluşygyny «Bally» hojalyk jemgyýetiniň gurluşykçylary alyp barýarlar.
Häzir binada gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, onuň töweregini abadanlaşdyrmak, içinde bolsa abzallaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Bu ýerde oturdyljak okuw-görkezme esbaplary, ornaşdyryljak tehniki serişdeler daşary ýurtlaryň iň kämil we dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwrebap enjamlary bolar.
Häzirki wagtda Mary welaýatynda täze okuw ýylyna taýýarlyk işleri giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Welaýatda bar bolan 400-den gowrak umumybilim berýän orta mekdepde abatlaýyş, rejeleýiş we abadanlaşdyryş işleri geçirilip, täze okuw ýylyna birkemsiz taýýar edilipdir. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, 1-nji synpa okuwa barýan körpeleriň hasaby alnypdyr. Kompýuter, informatika, matematika ýaly sanly ulgama daýanýan otaglar gözden geçirilip, tehniki enjamlaryň we gaýry serişdeleriň kadaly işi ýola goýlupdyr.
