Tagamly we ýokary hilli önümleriň muşdaklary üçin gowy habar: «Owadan Ülke» kompaniýasynyň ähli önümleri resmi taýdan «Halal» güwänamasyny aldy. Indi «Nur», «Mylaýym», «Hazyna» we «Esmo» brendleri astynda öndürilýän her önüm indi iň berk hil we howpsuzlyk talaplaryna laýyk gelýär.
Kärhana nämeleri öndürýär?
- maýonez we mesge önümleri,
- soýasyz we artykmaç goşundysyz süýjülik pastalary,
- marinadlar, garbanmak üçin önümler, mürepbeler,
- konserwirlenen gök önümler we miweler.

Kompaniýa gök önümleri we miweleri gönüden-göni ýerli daýhanlardan alýar. Munuň netijesinde, önümler tebigy, ter we howpsuz bolýar. «Owadan Ülkäniň» önümlerini satyn alanyňyzda, olaryň ählisiniň hil we saglyk talaplary göz öňünde tutulyp taýýarlanandygyna bil baglap bilersiňiz.
Kompaniýa Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup, ýerli bazarda öň elýeterli bolmadyk önümleri öndürip başlandygy bilen meşhurdyr. Ol bu üstünligi bilen çäklenmeýär, häzirki wagta «Owadan Ülke» diňe bir tebigy önümleriň görnüşlerini artdyrmak bilen bir hatarda, daşary ýurtlarda türkmen önümlerine wekilçilik etmäge işjeň taýýarlanýar. Eýýäm önümleri Katara, Saud Arabystanyna, Birleşen Arap Emirliklerine we Liwiýa eksport etmek boýunça gepleşikler geçirilýär.
Müşderileriň her gaby ynam bilen satyn almagyny üpjün etmek üçin önümçilik ISO 9001:2015 we HACCP halkara standartlaryna laýyklykda kepillendirilendir.
«Owadan Ülke» ösmegini, önümleriniň görnüşlerini artdyrmagyny, tebigy we tagamly önümleri hemmeler üçin elýeterli etmäge ukyplydygyny subut etmegi dowam etdirýär.
